Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllyk dabarasy”

Baş sahypa/Täzelikler/“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllyk dabarasy”
13 Mart 2026 19 gezek görüldi
“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllyk dabarasy”

13.03.2026-njy ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň talyplarynyň taýýarlan Surat eserleriniň Sergisi hem gurnaldy. Bu gurama ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar. Ol raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler geçirýär. 1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly maksatlaryna tarap ugruny üýtgewsiz saklamagy başardy.

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dabara gatnaşanlar ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwerlik syýasatynyň has-da kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.