Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Sazyň taryhy we nazaryýeti

Baş sahypa/Hünärler/Sazyň taryhy we nazaryýeti
Okuw möhleti: 4 ýyl
Sazyň taryhy we nazaryýeti

Sazyň taryhy we nazaryýeti bölümi mekdebimiziň açylan ilkinji günlerinden bäri hereket edýär.

         Bu taýýarlygyň ugry boýunça bilim alýan hünärmenler çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde mugallymçylyk işi boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmagy we bu dersleri häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmagy, ylmy işleri ýerine ýetirmegi, toparlaýyn ýygyndylarda we monografiýa-larda awtorlyk işini amala aşyrmaklygy,  professional we halk sazynyň sazly-taryhy proseslerini derňemegi, saz-nazaryýet konsepsiýalaryny derňemegi we derňew taslamalaryna ýolbaşçylyk etmegi, döredijilik taslamalaryny gurnamagy, şeýle-de sungat we  medeniýet pudagynda gazanylan üstünlikleri wagyz-nesihat bilen bagly işleri guramagy, internetiň, döwürleýin neşirleriň mümkinçiliklerini ulanmagy öwrenýärler.

    Sazyň taryhy we nazaryýeti hünärini tamamlaýan hünärmenlere Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň sazyň taryhy we nazaryýeti, sazşynas-mugallymy kärini almaklygy üpjün edýär. Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde saz teoriýasy, saz edebiýaty, solfejio, umumy fortepiano mugallymy, umumy bilim berýän mekdeplerinde, mekdebe çenli bilim edaralarynda saz mugallymy, medeniýet ulgamyna degişli bolan aýdym-saz, hor toparlarynda konsertmeýster wezipesinde işlemek üçin taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti  3 ýyl 10 aý.