Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Bagşyçylyk sungaty

Baş sahypa/Hünärler/Bagşyçylyk sungaty
Okuw möhleti: 4 ýyl
Bagşyçylyk sungaty

 Bagşyçylyk sungaty bölümi zehinli   bagşylary, öz ugurlary boýunça tejribeli hünärmenleri taýýarlap   ýetişdirýär.  Olara bagşyçylyk sungatynyň  inçe  tilsimleri, bagşyçylyk ýollary öwredilýär.

    Hünärmen orta hünär okuw   mekdeplerinde, çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän orta   mekdeplerde, aýdym-saz döredijilik toparlarynda, sungat we bilim ulgamynda ýekelikde aýdym aýtmak (bagşyçylyk) sungaty boýunça, bagşyçylyk toparlary bilen  konsert çärelerinde  çykyş   etmek üçin taýýarlanylýar.

    Häzirki zaman ösüş şertlerinde aýdym-saz ulgamynyň döredijilik ugurlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen medeniýetiň bu ugruny kämil  derejä ýetirmek, medeni-köpçülik we   konsert çäreleriniň, şol sanda bagşyçylyk sungatynyň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek   hünärmeniň esasy wezipeleri bolup durýar.

    Bagşyçylyk  sungaty bölüminiň uçurymlaryna bagşy, bagşyçylyk toparynyň ýolbaşçysy, çagalar  sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Olar okuwy   tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde, Medeniýet  ulgamyna degişli bolan edaralarynda işlemek hukugy berilýär. Bagşyçylyk sungaty hünäri boýunça okuw möhleti 3 ýyl 10  aý.