Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Üflenip we kakylyp çalynyan saz gurallary

Baş sahypa/Hünärler/Üflenip we kakylyp çalynyan saz gurallary
Okuw möhleti: 4 ýyl
Üflenip we kakylyp çalynyan saz gurallary

    Okuw mekdebimizde häzirki wagtda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminde hünäri boýunça fleýta, goboý, klarnetksilofon, dep saz gurallary   boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

Häzirki zaman ösüş şertlerinde medeni-köpçülik çärelerine we aýdym-saz ulgamynyň döredijilik ugurlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen medeniýetiň bu ugruny kämil derejä ýetirmek, medeni-köpçülik we konsert  çäreleriniň   milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek hünärmeniň esasy   wezipeleridir.

    Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat orta mekdeplerde hünär derslerini häzirki zaman usullaryna laýyklykda okatmakmedeniýet edaralaryndaaýdym-saz döredijilik toparlarynda, halk hojalygynyň ýanyndaky medeni ojaklarda,  sungat we bilim ulgamynda medeni dynç-alyş edaralaryny dolandyrmak we ýurdumyzyň medeni-köpçülik çärelerini guramak, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça  çykyş  etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.

    Bölümiň  orkestriň artisti, orkestriň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat   mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra   çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde, Medeniýet ulgamyna degişli bolan   edaralarynda hereket edýän orkestrlerinde işlemek hukugy berilýär.