Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Halk saz gurallary

Baş sahypa/Hünärler/Halk saz gurallary
Okuw möhleti: 4 ýyl
Halk saz gurallary

Halk  saz gurallary bölümi  mekdebiniň açylmagy bilen hereket edip gelýär. Häzirki wagta Halk saz   gurallary hünäri boýunça akkordeon, we gitara saz gurallary   boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

    Dünyä medeniýetini we  sungatyny, saz sowadyny öwrenmek    bilen bir hatarda dürli ýerine ýetirijilik meselelerden baş   alyp     çykarmak, saz eseriniň çeperçilik häsiýetlerine özbaşdak obýektiw   baha bermek, saz eseriniň gurluşyny   düşünmek, nota boýunça ýüzugra okamak   başarnyklary ösdürilýär. Hünär başarnyklaryny özünde jemleýän, tejribe-ugrukdyryjy   başarnyklarynyň kemala getirilmegi we ösdürilmegi, geljekde mugallymçylyk  käriniň resmi iş kagyzlaryny, sapagy meýilleşdirmegi we guramagy başarmakdan   ybarat  bolan kär işiniň endikleriniň ele alynmagyny, özüniň okadýan saz guralyny kämil bilmegi ýekelikde çykyş   etmegi we sazandarlyk etmegi,  medeniýet ulgamynda we aýdym, saz hem-de   medeniýet  ojaklarynda işlemek üçin başarnyklarynyň kemala getirmek üçin ugrukdyrylýar.

    Bölümiň uçurymlaryna orkestriň artisti,   orkestriň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň   mugallymy käri  berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat  mekdeplerinde, Medeniýet ulgamyna degişli bolan edaralarynda hereket edýän halk   saz gurallary orkestrlerinde işlemek hukugy berilýär.