“Umumy fortepiano bölüminde fortepiano ansambllaryny we sazandarlyk etmegi öwretmegiň usulyýeti” atly ylmy-usuly maslahat
30.03.2026-njy ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy “Ýokary we orta hünär mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň okuw-usuly işlerine ýardam bermek we bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň iş meýilnamasynyň esasynda “Umumy fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Umumy fortepiano bölüminde fortepiano ansambllaryny we sazandarlyk etmegi öwretmegiň usulyýeti” atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ylmy-usuly maslahatyna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy Bägül Paltaýewa gatnaşdy. Bägül Paltaýewa öz çykyşynda umumy fortepiano bölüminde talyp ýaşlara fortepiano ansambllaryny we sazandarlyk etmegi öwretmegiň täzeçe usullaryndan peýdalanyp, olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny ösdürmegiň ähmiýetini kämilleşdirmekligiň ähmiýetini giňişleýin beýan etmegi başardy.
Çykyşynyň ahyrynda medeniýetiň, sungatyň kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

