12.03.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Balkan welaýat häkimligi tarapyndan taýýarlan “Milli bahar baýramy” mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly konsert ýazgy edildi. Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Orkestr” topary, “Aýdymçylar” topary, “Bagtyýarlyk” tans topary baýramçylyk sowgatlary bilen çykyş etdiler. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň talyplarynyň taýýarlan Surat eserleriniň hem Sergisi gurnaldy. Olaryň sungat eserlerinde Nowruz baýramçylygynyň ruhy siňen ajaýyp keşpler şöhlelendirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda baýramçylyk konsertinde ýerine ýetirilen çykyşlaryň ählisinde hem Nowruz baýramçylygynyň Milli baýramçylyk hökmünde ýokary derejede geçirilmegine giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.

