06.03.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasy esasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli, 8-nji mart “Halkara Zenanlar” gününe bagyşlap, Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Milliligim-buýsanjym, başlara göwher täjim” ady bilen yglan edilen “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda talyp gyzlar hünärini wasp etmek bilen özüni tanyşdyryp, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan ruhlanyp, müň derdiň dermany milli naharlarymyzyň biri bolan el unaşyny kesip görkezdiler. Bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda, talyp gözelleri özleriniň ýerine ýetiren keşde, gaýma, ilme el işlerini berlen wagtyň dowamynda ýerine ýetirip, ussatlyk bilen wasp etdiler.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň II ýyl talyby Gülkamar Hakyjanowa I orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp gözellerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

