23.01.2026-njy ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Balkan welaýat Zenanlar bölümi tarapyndan gurnalan “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw maslahatynyň çäginde “Ýaht klubunda” Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylan şahamçasy, şeýle hem gaznanyň hasabyna operasiýa-bejergi işleri amala aşyrylyp, saglygyna gowşan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň ýürek buýsançlary aýdym-sazly, söhbetli dabaranyň dowamynda “Altyn asyr” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa hem gatnaşdy.

