11.03.2026-njy ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy “Ýokary we orta hünär mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň okuw-usuly işlerine ýardam bermek we bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň iş meýilnamasynyň esasynda “Bedew waspy bagşylaryň dilinde” atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ylmy-usuly maslahatyna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymlary Mähri Allakowa hem-de Şamyrat Dawydow gatnaşdylar. Mähri Allakowa öz çykyşynda Aşyrmämmet Dawudowyň “Al sakar at”, “Meýdan ýoluksa”, Nurberdi Gulowyň “Sen ýetir”, “Bir ata aşygam, bir-de gözele”, Döwletgeldi Ökdirowyň “Gyr atym girse meýdana”, Damana ýolundan “Paş oldy” birnäçe halk aýdymlaryň Günbatar sebitlerinde bagşylaryň dilinde bedewlerimiziň wasp edilip, nesilden-nesle geçip, häzirki günlerimizde hem bagşylaryň dilinde müdimi owaz bolup ýaňlanýandygyny Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna sowgat beren ajaýyp eserlerinde hem gymmatly maglumatlaryň beýan edilýändigini nygtamak bilen, sözüniň ahyrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşiginiň Döwlet derejesindäki tapgyrynyň ýeňijisi Şamyrat Dawydowyň “Al sakar at” atly aýdymyny ýerine ýetirmegine gezek berdi.
Dabara gatnaşyjylar ylmy-usuly maslahatyň ahyrynda medeniýetiň, sungatyň, bagşyçylyk sungatynyň kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

