Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Ülkäme saz bolup gelen Nowruzym

Baş sahypa/Makalalar/Ülkäme saz bolup gelen Nowruzym
13 Mart 2026 19 gezek görüldi
Ülkäme saz bolup gelen Nowruzym

    Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti we welaýat ýörite sungat mekdebi Milli bahar baýramy mynasybetli «Ülkäme saz bolup gelen Nowruzym» atly aýdym-sazly dabara geçirdiler. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler barada gürrüň edildi. Onda okuw mekdebimiziň taýýarlamagynda talyplaryň birnäçe çykyşlaryna orun berildi. Talyplarymyz ýekelikde baýramçylygy, milliligimizi wasp edýän estrada we halk aýdymlaryny, sazlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler.

    Dabarada halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, medeniýet we sungat işgärlerine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe  rowaç bolmagy arzuw edildi.

Serdar Oraztuwakow,

welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Balkan gazeti