Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Medeniýet we sungat halklary we kalplary has-da ýakynlaşdyrýar, ysnyşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgalyk kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen dünýäde giňden meşhurdyr. Türkmen medeniýeti umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşant goşdy» diýip belleýär.
Bu gün halkymyzyň gaýtalanmajak sungat eserleri we däp-dessurlary, milli mirasymyzyň ähli özboluşlylyklary ylmy taýdan öwrenilýär. Sungatyň däp bolan nusgalary jemgyýetiň ruhy talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Medeniýetde, sungatda täze zehinler ýüze çykýar. Pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň baýlaşdyrylyp, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda geçirilýän ýokary derejedäki çäreler ýurdumyzda milletimiziň köp asyrlyk asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygyny görkezýär.
Goý, medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şeýdagül DURDYÝEWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

