
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen kino sungaty şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda we daşary ýurtlarda milli medeniýetimiziň şan-şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şolaryň iň esasylarynyň biri hem ýakynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen Türkmen sungatynyň işgärleriniň günleri boldy.
16-18-nji fewral aralygynda dowam eden bu medeni çäre Garaşsyzlyk döwrüniň kino sungatynyň ýeten derejesini dünýä jemgyýetçiligine görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Festiwalyň çäklerinde görkezilen filmler türkmen halkynyň gadymy taryhyndan başlap, şu günki şanly ösüşlerine çenli aralygy çeper keşpleriň üsti bilen beýan etdi.
Gyşyň ornuny ýaza berýän günleriniň iň uly hoş habarlarynyň biri bolan «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň halkara derejesindäki ajaýyp üstünligi bilen bagly boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen bu filmiň Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde geçirilen dabarada TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp görülmegi kalbymyzy buýsanja besledi. Filmde beýan edilýän wakalar we sazlaryň jadylaýjy güýji tomaşaçylaryň hem-de hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi. Kino eseriniň esasy aýratynlygy filmiň mazmunynyň we sazynyň bitewüligindedir. Saz bu filmde sözsüz düşünilýän, halklary birleşdirýän «gudratly dil» hökmünde çykyş edýär.
Şeýle hem bu filmiň surata düşürilmegine goşan uly goşandy üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna TÜRKSOÝ-yň «Uly ganatly bürgüt» baýragynyň gowşurylmagy ýurdumyzda sungatyň we ynsanperwerligiň bir-biri bilen utgaşykly goşa ganat bolup ösýändiginiň subutnamasydyr. Bu baýrak türkmen medeniýetiniň ýeten derejesiniň halkara abraýynyň ykrarnamasy hökmünde buýsanjymyzy goşalandyrýar. «Kompozitor» filmi diňe bir sungat eseri däl, eýsem, adamzat kalbynyň iň tämiz duýgularyna — mähre, hemaýata we söýgä gönükdirilen çuňňur mazmunly ýüzlenmesidir.
Şu ýylyň fewral aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly telewizion filmleriň halkara bäsleşiginiň yglan edilmegi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda möhüm ädimdir. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň medeni giňişligine innowasion çemeleşmeler we milli özboluşlylyk bilen işjeň goşulýar. Ak mermerli paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde gurlan täze medeni desgalar, döwrebap teatrlar we kinokonsert merkezleri täze zehinleriň kemala gelmegine uly itergi berýär.
Soňky ýyllarda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alyp barylýar. TÜRKSOÝ tarapyndan geçirilen türki halklaryň «Gorkut ata» atly kinofestiwalynda «Gyzyl kürte», «Istärin», «Gyzyl alma», «Kitap», «Kompozitor» ýaly çeper filmleriň gatnaşdyrylyp, baýrakly orunlara, «Daragt» atly çeper filmiň Daşkent şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň düri» atly halkara festiwalda TÜRKSOÝ tarapyndan goýlan baýraga, Belarusda geçirilen «Listopad» atly kinofestiwalda «Serhetsiz kino» baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň mysallarydyr. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda türkmen kino sungatynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara festiwal bolsa kino taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.
«Kompozitor» filminiň geçen ýyl Russiýa Federasiýasynda «Göwher kebelek» baýragyna, şu ýyl Ankarada guralan festiwalda «Uly ganatly bürgüt» baýragyna mynasyp bolmagy türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini aýdyň görkezýär. Bu üstünlikler medeniýet işgärlerini has-da döredijilikli zähmet çekmäge, halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny we bagtyýar şu gününi täze eserlerde wasp etmäge ruhlandyrýar.
Türkmen kinosy bu gün diňe bir taryhy beýan etmän, eýsem, bagtyýar döwrüň senasyny düzýän, halkymyzyň ruhy kämilligini dünýä aýan edýän naýbaşy sungatdyr.
Annagül BALKANOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

