04 Mart 2026 19 gezek görüldi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserleriniň many-mazmunyny has içgin öwrenmek hem-de baky Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bilim — bagtyň çyragy» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzdaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly eserleriniň many-mazmunyny giňişleýin beýan etdiler, bu eserler boýunça soraglara jogap berdiler. Netijede, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar birinji, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar ikinji, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar üçünji orunlara, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar höweslendiriji baýraga eýe boldular. Bäsleşikde öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan talyp ýaşlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Annagül Balkanowa, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy,
kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/227945

