Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Bedew batly Türkmenistan!

Baş sahypa/Makalalar/Bedew batly Türkmenistan!
03 Mart 2026 6 gezek görüldi
Bedew batly Türkmenistan!

                                                                    Bedew batly Türkmenistan!


Ahalteke bedewleri — buýsanjymyz hem şanymyz,

Ahalteke bedewleri — buýsanjymyz hem şanymyz,

At-myrada ýetir munda, ýagşydyr niýet-pälimiz, 

Bu toprak zere beslenen, egsilmez genji-känimiz, 

Öňe, öňe, diňe öňe bedew batly Türkmenistan!


Halkyň milli mirasynda gadymyýetiň sedasy bar, 

Seýkin basýan bedewlerde gyz-gelinleň edasy bar, 

Taryhy waspa mynasyp, halkyň milli mirasy bar,

Öňe, öňe, diňe öňe bedew batly Türkmenistan!


Tug buýsançdyr türkmen üçin, mertebedir, et sen togap,

Watanyňa yhlas etseň, bolar ýagşy amal-sogap,

Döwür-döwran, bagtyýar ýurt göýäki jennete kybap,

Öňe, öňe, diňe öňe bedew batly Türkmenistan!


Arkadagyň sahawaty nura beslär göwnümizi,

Arkadagly Serdar bezär beýik işde döwrümizi,

Bu mekan baky bahardyr, bagta beslär ömrümizi,

Öňe, öňe, diňe öňe bedew batly Türkmenistan!



Läle HOJAGURBANOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.