Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN - BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Hünäre ugrukdyrmagyň içki meýilnamasy esasynda sergi gurnadylar

Baş sahypa/Hünär taýýarlygy/Hünäre ugrukdyrmagyň içki meýilnamasy esasynda sergi gurnadylar
14 Noý 2025 10 gezek görüldi
Hünäre ugrukdyrmagyň içki meýilnamasy esasynda sergi gurnadylar

Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» we «Heýkeltaraşlyk» bölümleriniň talyplarynyň eserleriniň sergisi açyldy. «Parahatlyk ylhamy» ady bilen birnäçe günläp dowam etjek bu sergide mugallym Röwşen Çopanowyň ýolbaşçylyk edýän talyplary Geňlik Aşyrgulyýewanyň, Mährijemal Mejidowanyň, Nurjemal Atagylyjowanyň, Döwran Saparowyň, Rahym Akyýewiň döreden eserleri görkezilýär.

    Serginiň döredijilik işgärleriniň, mugallymlaryň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýaş zehinlere uly üstünlikler arzuw edilip, medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.

    Zehinli talyplaryň döreden eserlerinde Garaşsyz, hemişelik  Bitarap ýurdumyzyň gözel tebigaty, ýelden ýyndam bedewlerimiz, geçmişimiziň hem-de şu günümiziň şöhratly wakalary öz beýanyny tapýar. Esasy maksady çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik ukyplarynyň has-da artmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýan sergi ony synlanlarda uly täsirleri galdyrýar.